Apple öňki işgärini žurnalistlere maglumatlary ýaýradandygy üçin kazyýete berdi

  • 30.03.2024 11:45
  • 7.2k+

Apple öňki işgäri Endrýu Oude garşy şikaýat arzasyny berdi. Ol gizlinlik baradaky şertnamany bozup, žurnalistlere kompaniýanyň çykmadyk önümleri barada maglumatlary bermekde aýyplanýar. Bu barada MacRumors portaly habar berýär.

Arza görä, Oude 2020-nji ýylda “The Wall Street Journal” neşiriniň žurnalistlerine Vision Pro garniturasy, 2023-nji ýylda bolsa “Gündelik” programmasy barada maglumat berdi.
Umuman alanyňda, ol žurnalistlere 11 müňden gowrak habar iberdi. “The Information-yň” žurnalisti bilen duşuşmak üçin bolsa onuň “tutuş yklymdan geçendigi” bellenilýär.
Oude Apple-den kompaniýanyň howpsuzlyk gullugy maglumat syzmasyny anyklandan soň, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda çykaryldy. Kompaniýanyň meseläni kazyýetsiz çözmek synanyşyklary şowsuz boldy.
Bellenilişi ýaly, Oude kompaniýa tarapyndan kolleji gutarandan soň 2016-njy ýylda işe alyndy. Onuň borçlaryna akkumulýatorlaryň işini optimizasiýalaşdyrmak girýärdi, bu hem oňa kompaniýanyň onlarça möhüm taslamalary baradaky maglumatlara elýeterlilik berdi.
Apple şikaýat arzasynda Oudeden öwezini dolmagy talap edýär. Çeşmeler onuň maglumat syzmasynda günäsini boýun alandygyny, ýöne kompaniýa bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwrendigini belleýärler.
Öwezini dolmagyň ahyrky mukdary kazyýet işiniň dowamynda kesgitlener.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...