Microsoft 30 ýyl Windows-yň bir funksiýasyny täzelemändigini aýtdy

  • 30.03.2024 08:24
  • 3.8k+

Windows 11-de 1995-nji ýyldan bäri täzelenmedik bir funksiýa ýüze çykaryldy. Gürrüň 30 ýyl mundan ozal Windows 95-den Windows NT-e kod geçirmek üçin işläp düzüji Deýw Plammer tarapyndan döredilen “Formatirlemek” guraly barada gidýär.

“Biz Windows 95 ulanyjy interfeýsinden NT-e millionlarça setir kod geçirdik we formatirlemek Windows NT-niň Windows 95-den düýpgöter tapawutlanýan ýerleriniň biri bolandygy üçin, biz hususy ulanyjy interfeýsini oýlap tapmaly bolduk. Men kagyz çykaryp, faýl sistemasy, bellik, klasteriň ölçegi, gysyş, şifrlemek we ş.m. ýaly diski formatirlemegiň mümkin bolan ähli wariantlaryny ýazdym” – diýip, Plammer “The Verge” neşirine gürrüň berdi.

Plammer diskleri formatirlemegiň ýönekeý interfeýsini döretdi we ony doly işlemegi-de meýilleşdirmedi. Işläp düzüji FAT faýl ulgamynda tomuň ölçegi üçin 32 Gbaýt çäk goýdy.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu çözgüt wagtlaýyndy, ýöne ol sistemanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Şondan bäri “Formatirlemek” penjiresiniň dizaýny we funksionaly üýtgedilmedi we ol Windows 11-de hem Windows NT-däki ýaly görünýär.
Muňa garamazdan, üçünji tarap gurallaryň kömegi bilen FAT çäklendirmesinden geçmek we 2 Tbaýta çenli möçberde tom döretmek bolýar.


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
833

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...