“Ýylyň bütindünýä awtomobili – 2024” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 29.03.2024 21:21
  • 12k+

2024-nji ýylyň Nýu-Ýork awtosalonynda World Car Awards (“Ýylyň bütindünýä awtomobili”) baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýeňijileriň sanawynda elektromobiller agdyklyk etdi diýip, tarantas.news habar berýär.

Şeýlelikde, ýokary baýraga hem “Dünýä elektromobili”, hem “Ýylyň bütindünýä awtomobili” adyna eýe bolan Kia EV9 mynasyp boldy. Ol bu ýeňiş ugrunda BYD Seal (Atto 4) we Volvo EX30 bilen bäsleşdi. Bu Kia kompaniýasy üçin uly ýeňiş bolup, üç hatarly elektrik krossoweriniň abraýyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Kia-nyň prezidenti we baş müdiri Ho Son Son bu baýragyň kompaniýanyň tehnologiýalaryň we dizaýn kämilliginiň çäklerini giňeltmäge ygrarlylygynyň subutnamasydygyny belledi.
Hyundai Motor Group-yň ýeňşi diňe şunuň bilen tamamlanmady. “Ýylyň sport awtomobili” nominasiýasynda Ioniq 5 N ýeňiji boldy. Bu ýerde birinji orun üçin BMW M2 we XM hem göreşdi.
“Ýylyň şäher awtomobili” nominasiýasynda BYD Dolphin we Lexus LBX awtomobillerinden öňe geçen Volvo EX30 ýeňiş gazandy. Öz gezeginde, BMW i5/5-Series awtomobili Mercedes E-Class-dan we EQE krossowerinden öňe geçip, “Ýylyň premial awtomobili” nominasiýasynda ýeňiji boldy.
Ahyrynda, Toyota Prius “Ýylyň dizaýny” baýragyna eýe boldy. Ol bu göreşde Ford Bronco we Ferrari Purosangue awtomobillerinden üstün çykdy. Baýrak awtomobiliň öňki görnüşlerine garanyňda has görnükli görünýän batyrgaý täze keşbiniň subutnamasydyr.


01.06.2026 09:51
2.7k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......