Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete tarap ugur alýar - bilermen

  • 28.03.2024 18:05
  • 18k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň strategiki maksady tebigy baýlyklary gorap saklamakdan, ekologiýa taýdan gönükdirilen ykdysady ösüşi üpjün etmekden we daşky gurşawy goramak ugrunda hukuk düzgünini berkitmekden ybarat. Bu barada Vestiabad.ru makalasynda tehniki ylymlaryň doktory, dünýä senagatynyň ösüş pudagynda hünärmen Allaberdi Ylýasow gürrüň berdi.

Hünärmeniň belleýşi ýaly, ýurtda daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsiri azaltmak üçin toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar: senagat kärhanalarynda iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, desgalar döwrebaplaşdyrylýar, hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna berk gözegçilik alnyp barylýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebit galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin haýalladylan kokslama desgasynyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr. Bu taslama bilen nebitgaz pudagynda Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolan “Westport Trading Europe Limited” daşary ýurt kompaniýasynyň hünärmenleri meşgullanýar.

“Türkmenistan diňe bir nebite we gaza däl, eýsem beýleki gymmatly çig mallara-da baýdyr. Türkmenistan mineral duzlaryň ýataklaryna baý bolup, olaryň arasynda esasylary hloridler (şol sanda kaliý) we sulfatlardyr (angidrit, gips, mirabilit topary we beýlekiler). Simap ýataklary bar, metal däl peýdaly gazylyp alynýanlardan – kükürt, bentonit, ozokerit, gurluşyk materiallary (şol sanda aýna we sement çig maly) bar. Türkmenistanyň gymmatly peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryna agyz, senagat, ýod-brom we mineral bejeriş suwlary degişli” diýip, Ylýasow belleýär.

Hünärmeniň pikiriçe, Gün batareýalarynyň, ýel turbinalarynyň, awtomobiller üçin akkumulýatorlaryň önümçiligi ýakyn geljekde örän wajyp minerallara bolan islegi we teklibi kesgitlär. Häzirki wagtda seýrek we ýaýraň elementleriň, aýratynam, litiniň ulanylmagyna uly gyzyklanma ýüze çykdy.

“Seýrek ýer elementleriniň hatarynda litiý häzirkizaman dünýäsinde ylmy-tehniki ösüşi kesgitleýän iň möhüm metallaryň biridir. Onuň özi, erginleri we birleşmeleri senagatyň dürli pudaklarynda ulanylýar” diýip, Ylýasow belleýär we senagat konsentrasiýalarynda litiniň Türkmenistanyň köp sanly gidromineral ýataklarynyň düzüminde bardygyny sözüniň üstüne goşýar.

Mundan başga-da, hünärmen tebigy gazyň uly ätiýaçlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanda ekologiýa taýdan howpsuz, ýokary tehnologiýaly usulda riforming usuly bilen tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly wodorod almak tehnologiýasyny ulanmagyň bähbitlidigine ünsi çekýär.

Şeýle-de, ýurtda suw baýlyklarynyň oýlanyşykly ulanylyşyna, biologiki köpdürlüligi saklamaga we çölleşmä garşy göreşe gönükdirilen birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan ekologiýa meselelerini çözmekde dünýä tejribesini işjeň peýdalanýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem tebigata aýawly garamaga ýardam berýär.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......