Microsoft-da emeli aňyň ösüşi bilen DeepMind-yň we Inflection-yň egindeş esaslandyryjysy Mustafa Suleýman meşgullanar

  • 28.03.2024 14:33
  • 3.8k+

Microsoft korporasiýasy Copilot-yň we emeli aň pudagynda beýleki sarp ediş önümleriniň hem gözlegleriň ösüşine gözegçilik etjek täze Microsoft AI bölümçesiniň döredilendigini yglan etdi. Täze gurama DeepMind we Inflection AI startaplarynyň egindeş esaslandyryjysy Mustafa Suleýman ýolbaşçylyk eder. Bu barada gagadget.com habar berýär.

Suleýman Microsoft AI-niň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we baş müdiri wezipesine bellenildi. Ol gönüden-göni korporasiýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadella hasabat berer we Microsoft-yň ýokary ýolbaşçylygyna goşular.

“Men Mustafany eýýäm birnäçe ýyl bäri tanaýaryn we oňa hem DeepMind we Inflection-y esaslandyryjy, şeýle-de öňdengörüji, harytlary we öz öňünde uly wezipeleri goýýan täzeçilikli toparlary dörediji hökmünde haýran galýaryn. Biziň birwagtlar mümkin däl hasaplanan we emeli aňyň artykmaçlyklarynyň dünýädäki her bir adama we guramalara howpsuz we jogapkärli ýetmegini üpjün etmek missiýamyza gabat gelýän tehnologiýany döretmäge hakyky mümkinçiligimiz bar” – diýlip, Satýa Nadellanyň işgärlere gönükdirilen habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, täze bölümçä Inflection-dan we GenAI-den emeli aň boýunça öňdebaryjy inženerler, gözlegçiler we hünärmenler geçdi.
Täze guramanyň döredilmegi Microsoft-yň sarp ediji emeli aň pudagynda innowasiýalaryny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Mustafa Suleýman emeli aň pudagynda tejribeli hünärmendir. Ol 2010-njy ýylda Google tarapyndan 2014-nji ýylda satyn alnan DeepMind-yň emeli aň-barlaghanasyny esaslandyryjylaryň biri boldy. Ol 2022-nji ýylda Google-y terk edip, Inflection AI startapynyň egindeş esaslandyryjysy boldy.
Geçen ýyl Bing Chat (häzir Copilot) işe girizilenden soň, Microsoft öz emeli aň kömekçisini Office, Windows 11 we Edge önümlerine goşdy.


20.05.2026 15:31
941

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

15.05.2026 10:46
1.7k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......