Apple EKG-niň funksiýalaryny ýerine ýetirip bilýän gulaklyklary oýlap tapdy

  • 28.03.2024 14:42
  • 2.9k+

Apple ulanyjynyň saglyk ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýän doly göwrümli simsiz AirPods Max gulaklyklary üçin täze bir aýratynlygy patentledi. Enjamyň ilkinji çyzgylary Patently Apple portaly tarapyndan neşir edildi.

Patente görä, AirPods Max damarlardan akýan ganyň hereketini tutup bilýän duýgur mikrofonlar bilen üpjün ediler. Gurlan ýürek urgusyny ölçeýji bilen bilelikde bu aýratynlyk gulaklyklara tahikardiýa, bradikardiýa we uky arteriýasynyň dykylmasy ýaly ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerini tanamaga mümkinçilik berer.
Bu aýratynlygyň AirPods Max-yň haýsy neslinde peýda boljakdygy entek belli däl. Apple-iň, kompaniýanyň beýleki patentleriniň köpüsinde bolşy ýaly, bu pikirinden düýbünden ýüz öwürmegi hem bolup biljek zat.
Şeýle-de bolsa, Apple-iň patenti kompaniýanyň saglygy goraýyş pudagyna bolan gyzyklanmasyny we saglyk gözegçiliginiň aýratynlyklaryny dakynylýan enjamlara goşmak islegini görkezýär.


30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....