“Kung-fu Panda” franşizasy 2 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy

  • 27.03.2024 23:01
  • 6k+

CBR.com-nyň habar bermegine görä, “Kung-fu Panda” multfilmler seriýasy boýunça dünýädäki kassa ýygymlarynyň umumy girdejisi 2 milliard dollardan geçdi.

Üstünlik mart aýynyň başynda çykan täze - dördünji bölümiň güýçli görkezijileri bilen berkidildi. Film ABŞ-da we beýleki ýurtlarda 268 million dollar girdeji gazandy we “Kung-fu Panda” “Nemonyň gözleginde” filminden öňe geçip, taryhda iň köp girdeji gazanan ýedinji franşiza boldy.
2008-nji ýylda surata düşürilen seriýaly ilkinji multfilm 632 million dollar gazandy. Onuň 2011-nji ýylda çykan dowamy 665,6 million dollar, 2016-njy ýyldaky trikwel  521,1 million dollar girdeji gazandy.
“Kung-fu Panda”-dan başga-da, “Dýuna” we “Jyn-arwahyň awçylary” filmleriniň geçen hepdäniň ahyrynda milliardlarça görkezijä ýetendigini bellemelidiris.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......