Aýa gonan Nova-C moduly işini hemişelik bes etdi

  • 26.03.2024 22:33
  • 12k+

Mart aýynyň başynda Aý gijesiniň başlanmagy sebäpli uky režimine geçirilen Nova-C amerikan moduly adatdan daşary pes temperatura çydap bilmän, öz işini hemişelik bes etdi. Bu barada işläp düzüji kompaniýa Intuitive Machines habar berdi diýip, kommersant.ru belleýär.

“Uçuşy dolandyryjy hünärmenler çaklamalarynyň dogrudygy baradaky netijä geldiler – “Odisseýiň” energiýa ulgamy indi Ýere signal iberip bilmez. Bu “Odisseýiň” Aýa gonan ilkinji täjirçilik Aý moduly hökmünde taryhda galmak bilen, işini hemişelik bes edendigini tassyklaýar” – diýip, kompaniýa X sosial ulgamynda ýazdy.

Bu modul 1-nji martda uky režimine geçirildi. Ol 23-nji fewralda Aýa gondy we ýedi günüň dowamynda işlemelidi. Ýöne hünärmenler onuň uky režiminde adatdan daşary pes temperaturada işe ukyplylygyny barlap görmek kararyna geldiler. Nova-C missiýasy hususy Intuitive Machines we NASA tarapyndan amala aşyryldy. Şertnamanyň bahasy 118 mln dollar boldy.


düýn 11:18
813

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......