Huawei uly ekranly täze Band 9 akylly sagadyny tanyşdyrdy

  • 26.03.2024 10:09
  • 4.9k+

Huawei kompaniýasy özüniň meşhur fitnes-trekeriniň iň soňky nesli bolan Band 9-y resmi taýdan tanyşdyrdy.

Huawei Band 9 egri displeý we amatly gapdal düwmesi bilen özünden öňki nusgalaryň gönüburçly şekiline eýedir. Şeýle hem ol örän ýeňil we inçe (agramy – 14 gram, galyňlygy – 8,9 mm). Akylly sagat 1,47 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr we enjamyň 5 atm çenli basyşa garşy durmagyna mümkinçilik berýän çyglylyk goragyna eýedir.
Huawei Band 9 bäş sany reňk görnüşini hödürleýär: «elektrik gök», açyk gülgüne, limon sarysy, çägesöw-ak we «ýyldyz garasy». Mundan başga-da, Huawei Band 9-da deri üçin has ýakymly ýumşak floroelastomer kemeriň bardygy bellenilýär.
Saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesiniň höwesjeňleri üçin Band 9-da 100-den gowrak sport tertibi elýeterlidir. Mundan başga-da, Huawei TruSleep 4.0 aýratynlygy ukyny hemmetaraplaýyn yzarlamagy wada berýär.
Huawei enjamyň bir zarýadda iň ýokary ömrüniň adaty ulanyşda 14 gün, işjeň ulanyşda 9 gün dowam edýändigini belleýär. Treker 45 minutda örän tiz zarýad alýar.
Enjam birikmek üçin Bluetooth 5.3 ulanýar, Android bilen bolşy ýaly, iPhone smartfonlary bilen hem birigip bilýär.
Huawei Malaýziýada Band 9 üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady, ýöne täze önümiň bahasyny mälim etmedi.


16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...