Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Parlamentara Bileleşiginiň mejlisine gatnaşdy

  • 26.03.2024 09:56
  • 11k+

24-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň, şol sanda 55 ýurduň milli parlamentleriň ýolbaşçylarynyň wekilçilik eden Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin derejede, şol sanda parlamentara diplomatiýasynyň gurallary arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde amala aşyrylýan başlangyçlary barada durup geçdi, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny belledi. 
Şeýle hem şu ýyl Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen sebitleýin maslahatyň guralmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi we bu çäräniň işine işjeň gatnaşmaga çakylyk beýan edildi.


Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy guraldy. 
Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşýan ýurtlaryň, aýratyn hem, kanunçykaryjy edaralaryň döwrüň meselelerini çözmekde öz işlerini sazlaşdyrmagynyň mümkinçiliklerini görkezmekde bu halkara çäreleriň ähmiýetini bellediler.
Parlamentara Bileleşiginiň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirildi. Guramanyň ýolbaşçy düzümlerinde Türkmenistanyň wekilçilik etmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. 
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdylar we çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň çygrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:30
2.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......