Saýns Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Werstappen we Hemilton ýaryş ýolundan çykdy

  • 25.03.2024 18:01
  • 5.5k+

“Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň ýaryşy Melburndaky “Alpert-Park” ýolunda geçirildi.

Saýns topardaşy Şarl Leklerden öňe geçdi.
Bu Saýnsyň karýerasynda ikinji ýeňşi we “Ferrariniň” 2022-nji ýyldan bäri ilkinji dublydyr. Liderleriň üçlügini “Maklarenden” Lando Norris jemledi.
Häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen (“Red Bull”) tormoz diskiniň ýanmagy sebäpli dördünji aýlawda ýoldan çykdy. Şeýle-de, “Mersedesiň” sürüjileri Lýuis Hemilton bilen Jorj Rassel ýaryşy tamamlap bilmedi. Hemilton hereketlendirijiniň döwülmegi sebäpli ýaryşdan çykdy, Rassell bolsa ýaryşyň ahyrynda ulagyna zeper ýetirdi.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry 5 – 7-nji aprelde Ýaponiýada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....