Russiýanyň ilçisi: Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy soňky 5 ýylda 1,6 mlrd dollardan geçdi

  • 25.03.2024 17:43
  • 5.8k+

Soňky bäş ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,6 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biridir we türkmen önümleriniň Russiýanyň bazaryna ugradylyşy yzygiderli artýar. Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin bu barada Azerbaýjanyň Trend neşrine beren interwýusynda aýtdy.

Wolynkin: "Russiýa dokma we azyk önümleriniň importy, takmynan, iki esse ýokarlandy" -,diýip belledi.

Diplomatyň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ýagdaýda ýokary derejede, şol sanda hökümetara rus-türkmen komissiýasynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Wolynkin:  “2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ilkinji rus-türkmen işewürlik forumy geçirildi. Bu telekeçileriň ýokary işjeňligini we telekeçiligiň özara bähbitli esasda alnyp barylýandygyny görkezýär "- diýip nygtady.

Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy ýurduň uzak möhletleýin sosial-ykdysady ösüşiniň wektoryny kesgitleýär we ilçiniň belleýşi ýaly, rus maýadarlary üçin gyzyklanma döredýär, olar, esasanam, Türkmenistanyň täze pudaklara, oba hojalygyny özgertmeklige, ulag we logistika geçelgelerini döretmeklige hem-de ýangyç we energiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ösüşine maýa goýumlaryny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyndan ugur alýarlar.

Ilçi ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini hem aýtdy. Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ýolundaky daşaýyşlaryň möçberini artdyrmak üçin tagalla edýär.

Mundan başga-da, Russiýanyň RŽD Holding kompaniýasy ýük akymlary, elektron maglumat alyş-çalşygy we bäsdeşlik nyrh şertlerini döretmek üçin öňdebaryjy tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirýär.

Şeýle hem, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ulag geçelgesini we bu ugurda Hazar deňziniň boýundaky awtoulag ýoluny goşmak bilen, multimodal mümkinçilikler ösdürilýär.

Russiýa bilen Türkmenistan geologiki gözleg, ýer kadastrlaryny dolandyrmak, gurluşyk, tohumçylyk, suwaryş, saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk edýär.

Wolynkin: "Işewür gatnaşyklaryň şeýle ýokary depgini Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň degişli ikitaraplaýyn şertnamalar bilen berkidilen statusyny tassyklaýar" – diýip sözüniň üstüni ýetirdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......