25-nji martda Ýeriň ýaşaýjylary ýarym kölegeli Aý tutulmasyny gördüler

  • 25.03.2024 14:39
  • 9.9k+

2024-nji ýylyň 25-nji martynda şu ýylda bolmagy çaklanan iki Aý tutulmasynyň birinjisi bolup geçdi. Tutulma ýarym kölegeli boldy, ýagny Aý Ýeriň ýarym kölegesiniň demirgazyk böleginden geçdi.

Hadysa 4,5 sagatdan gowrak (Aşgabat wagty bilen 9:53-den 14:32-ä çenli) dowam etdi. Bu pursatda Aýyň ýagtylygy birneme peseldi, ýöne Ýeriň hemrasynyň diski doly ýagtylygyna galdy. Bu effekt ýiti görüşli adamlar ýa-da professional foto-enjamlarynyň eýeleri üçin görnegen boldy.
25-nji martdaky Aý tutulmasyna Türkmenistanyň, Orta Aziýanyň we Russiýanyň çäginden görünmedi. Oňa Günbatar Ýewropanyň, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň, Awstraliýanyň, Gündogar Aziýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary syn edip bildi, şeýle-de Antarktidanyň çäginden göründi.
25-nji martdaky Aý tutulmasy 2024-nji ýylyň “tutulma geçelgesinde” ilkinji boldy. Onuň yzyndan 8-nji aprelde doly Gün tutulmasy, 18-nji sentýabrda bölekleýin Aý tutulmasy we 2-nji oktýabrda halka görnüşli Gün tutulmasy bolup geçer.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......