Warner Bros. anime çykaryp ýaşlaryň ünsüni çekmek isleýär

  • 25.03.2024 12:58
  • 2.7k+

Warner Bros. Discovery anime önümçiligine maýa goýumyny artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, “Variety” neşiri habar berýär. Kompaniýa 18 – 30 ýaş aralygyndaky ýaş auditoriýanyň ünsüni çekip biljekdigine ynanýar.

“Biz DC älemine göz aýladyk we özümize “Biz bu gahrymanlary alyp, olaryň wakasyny täzeçe – ýöne änime dünýäsinde gürrüň berip bilerismi?” diýen soragy berdik” – diýip, kompaniýanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça ýolbaşçysy Jeýms Gibbons belledi. Şeýle-de, ol animeni döretmegiň aňsat iş däldigini we muşdaklary gazanmak üçin “dogry studiýalar” bilen hyzmatdaşlygy talap edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Kompaniýanyň Aziýa bölümçesi 2011-nji ýylda esaslandyryldy we häzire çenli ol “JoJonyň täsin başdan geçirmeleri”, “Ahyrzaman barada powest” we “Betmen-nindzýa” ýaly 80-den gowrak anime-serial çykardy. Indi Warner Bros. ýylda 10 anime çykarmagy meýilleşdirýär. Tiz wagtdan “Öz janyna kast edijileriň topary: Başga dünýä” animesi çykmaly.


düýn 17:22
2.6k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....

03.06.2026 23:15
3.1k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 22:59
1.9k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 20:48
1.5k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......