Türkmenistan Podmoskowýede terrorçylyk zerarly ejir çekenlere zerur kömegi bermäge taýýar – Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 23.03.2024 21:59
  • 37k+

Türkmen tarapy Podmoskowýede bolup geçen elhenç terrorçylyk zerarly Russiýa Federasiýasyna lukmançylyk kömegini bermäge, derman   serişdelerine, beýleki zerur zatlary ibermäge taýýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi. 

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow köpsanly  adam pidalaryna getiren Podmoskowýede düýn agşam bolup geçen pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. 

“Biz öňden gelýän dostlardyrys hem-de köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmek ugrunda bilelikde işleýäris. Şonuň üçin hem şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, derman   serişdelerine, beýleki zerur zatlary ibermäge taýýardygy beýan edildi. 

Ejir çeken çagalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, dostlugyň nyşany hökmünde olary Türkmenistanda kabul edip bolar, şunda olar üçin ýurdumyzyň iň häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezlerinde beden we ruhy taýdan  sagalmaklary üçin ähli şertler dörediler. Bu ynsanperwerlik işinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähli mümkinçilikleri peýdalanylar. 
Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtaldy. 


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......