Meksika we ABŞ KONKAKAF Milletler ligasynyň finalynda duşuşar

  • 23.03.2024 20:50
  • 5.3k+

Meksikanyň we Amerikanyň milli ýygyndy toparlary Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň Milletler ligasynyň (KONKAKAF) finalynda duşuşarlar.

Ýaryşyň ýarym finalynda amerikalylar goşmaça wagtda 3:1 hasabynda Ýamaýkanyň toparyny ýeňdiler. Ýeňijileriň düzüminde Haji Raýt goşmaça wagtda iki gol saldy (96-njy we 109-njy minut). Duşuşygyň esasy wagtynda Ýamaýkanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Kori Burk topy öz derwezesine girizdi (90+6). Amerikan toparynyň derwezesine topy Gregori Leý (1) saldy.
Meksikalylar ýarym final oýnunda Panamanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşykda Edson Alwares (40), Hulian Kinýones (43) we Orbelin Pineda (67) tapawutlandylar.
KONKAKAF Milletler ligasynyň finaly 24-nji martda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Arlington şäherinde geçiriler.


düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....

18.04.2026 23:43
6.9k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....