Duz bölejiginden uly däl: beýniden maglumat ýygnamak üçin ownujak datçikler döredildi

  • 23.03.2024 20:54
  • 6.8k+

Braun uniwersitetiniň ylmy gözlegçiler topary beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary okap bilýän kiçi simsiz datçikleri hödürledi. Her çipiň ululygy gönüden-göni beýni dokumalaryna ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ölçegden - 1 mm-den geçmeýär.

Newrotehnologiýa pudagyndaky täze ösüş barada Nature Electronics üçin taýýarlanan  makalada gürrüň berilýär.
Datçikleriň işleýşi neýronlaryň işleýşine meňzeş, olar hakyky wagtda simsiz aragatnaşyk arkaly maglumaty gysyp geçirýärler. Bu alymlara bedeniň temperaturasy, neýromediatorlaryň derejesi we beýleki biomarkerler ýaly, dürli görkezijilere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Synag wagtynda 78 datçikli ulgam minimal ýalňyşlyklar bilen beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary ýygnamagy we geçirmegi üstünlikli görkezdi.
Alymlaryň sözlerine görä, bu ösüş implant edilýän we ýanyňda göterilýän lukmançylyk enjamlarynyň täze nesli üçin esas bolup biler. Häzirki wagtda gözlegçiler datçikleriň energiýa sarp edişini optimizirlemäge we bu tehnologiýanyň ulanylyp bilinjek  täze ugurlaryny tapmaga ünsi jemleýärler.


düýn 22:30
724

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....