Neuralink ilkinji gezek beýnisi implantly adamy wideoda görkezdi

  • 23.03.2024 16:43
  • 12k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy X (Twitter) sosial ulgamynda göni ýaýlymyň çäklerinde beýnisine kompaniýanyň çipi ýerleşdirilen ilkinji hassany wideo arkaly görkezdi. Ol sekiz ýyl mundan ozal boýnundan aşagy ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbaugh bolup çykdy.

Arbonyň sözlerine görä, Neuralink-iň operasiýasy oňa azda-kände durmuşda doly bahaly ýaşamaga döredilen ikinji mümkinçilik boldy. Implant hassa kompýuter bilen aragatnaşyk saklamagy öwrenmäge kömek etdi: web sahypalary açyşdyrmak, wideo görmek we hatda küşt we Sid Meier's Civilization VI ýaly wideo oýunlaryny oýnamak.

Bu operasiýa 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda hiç hili kynçylyksyz geçirildi. Eýýäm bir gije-gündizden soň Arbo keselhanadan çykaryldy.
Bu adam şeýle operasiýa edilmäge mümkinçiligi bolan beýleki adamlary proseduralardan gorkmazlyga çagyrdy.
Neuralink çipini adam beýnisine ornaşdyrmak boýunça ilkinji operasiýanyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilendigini ýatladýarys. Fewral aýynda Mask hassanyň ýagdaýynyň gowudygyny we onuň syçanyň kursoryny eýýäm dolandyrýandygyny aýtdy.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....