Şanhaýda Apple-iň Hytaýdaky iň uly dükany işläp başlady

  • 23.03.2024 11:57
  • 6.3k+

Apple kompaniýasy 21-nji martda Şanhaýda Hytaýdaky iň uly ownuk söwda dükanyny açdy. Bu barada Xinhua agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Szinýan iş sebitinde ýerleşen täze dükan dünýäde Apple üçin ikinji uly dükan boldy. Onuň meýdany 20 000 inedördül metrden gowrak.
Açylyş dabarasyna kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk gatnaşdy. Onuň hut özi ilkinji müşderileri garşylap, dükanyň işi bilen tanyşdy.
Kompaniýa Şanhaýdaky flagman dükanynda 150-den gowrak işgäriň işlejekdigini habar berdi. Olar müşderiler bilen diňe bir putunhuada (HHR-iň döwlet dili) däl, eýsem ýurduň ähli künjeginden alyjylaryň öz ene dillerinde kömek alyp bilmegi üçin hytaý diliniň 25 şiwesinde gürleşip bilerler.
Dükanyň işgärleri müşderilere iňlis, koreý, nemes, ispan we ýapon dilleri ýaly köp sanly daşary ýurt dillerinde hem hyzmat edip bilerler.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....