IFAB 2025-nji ýylda ofsaýd düzgünini üýtgedip biler

  • 22.03.2024 23:38
  • 9.3k+

Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) ofsaýdy kesgitlemek düzgünlerini üýtgedip biler we hüjüm edýän toparyň oýunçysy garşydaşynyň soňky oýunçysyndan tutuş bedeni bilen öňde bolan ýagdaýynda muny düzgün bozma hasaplar.

Üýtgeşmeler baradaky başlangyjy «Arsenalyň» öňki tälimçisi we FIFA-nyň futboly ösdürmek bölüminiň häzirki başlygy Arsen Wenger öňe sürdi.
Täze düzgünler güýje girse, pas geçirilen pursatynda hüjüm edýän toparyň oýunçysy garşydaşynyň soňky goragçysyndan tutuş bedeni bilen öňde bolsa, ofsaýd hasaba alnar. Häzirki düzgünlere görä, ofsaýdy kesgitlemek üçin hüjüm edýän futbolçynyň bedeniniň islendik bölegi bilen goragçydan öňe geçmegi ýeterlikdir.
Bu düzgün 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Italiýada we Şwesiýada ýaşlaryň arasyndaky dürli ýaryşlarda synagdan geçirilýär. Synagyň şowlulygyna IFAB-yň Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň fewralyndan soň baha berler.


şu gün 09:11
317

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......