Tokioda ýer titremä garşy durnukly 64 gatly bina guruldy

  • 21.03.2024 22:17
  • 13k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binalarynyň birine öwrülen täze Mori JP Tower gökdirän binasynyň gurluşygy tamamlandy. Hi-Tech-iň berýän habaryna görä, 64 gatly diňiň beýikligi 325,2 metrdir.

Gökdirän binanyň taslamasy Pelli Clarke & Partners binagärlik býurosy tarapyndan işlenip düzüldi. Bina Tokionyň ýaşyl baglyklary bilen tanalýan, gülläp-ösüp barýan sebiti bolan Azabudai Hillsde ýerleşýär.
Mori JP Tower ýaşaýyş jaýlaryny we edara binalaryny özünde utgaşykly  sazlaşdyrýar. Iň ýokarky 11 gatynda Aman myhmanhanasy ýerleşýär.
Gökdirän bina sebitiň seýsmiki işjeňligini göz öňünde tutup döredildi. Konstruksiýanyň polat turbalary örän güýçli beton bilen doldurylýar, binada bolsa yranmanyň täsirini azaltmak üçin dempferler oturdylan. Taslamanyň awtorlarynyň sözlerine görä, gökdirän bina 9,0 bally güýçli ýertitremede-de adatdakysy ýaly işlemegini dowam etdirer.
Şeýle-de bolsa, diňde 3600 adama niýetlenen wagtlaýyn gaçybatalga we ilkinji kömegiň enjamlary üçin ammar bar.
Gökdirän binanyň ýene bir aýratynlygy – onda diňe dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanmagy. Ýylylyk  kanalizasiýa ulgamyndan gelýär, ýagyş suwlary ýygnalýar we suwaryş üçin arassalanýar, ýaşaýyş jaýlaryndan akyp çykýan suwlar bolsa ofisleriň ýerleşen  gatlaryndaky hammam otaglarynda ulanylýar.
Mori JP Tower rahatlygy, howpsuzlygy we daşky gurşawyň aladasyny özüne birleşdirýän häzirki zaman gökdirän binalarynyň mysalydyr.


18.06.2026 22:13
4.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......