Hytaýda saglyga gözegçilik ulgamy bilen üpjün edilen Exeed krossoweri çykaryldy

  • 21.03.2024 22:00
  • 8.1k+

Hytaýda tanyşdyrylan Chery brendiniň Exeed Exlantix ET elektrik krossoweri 15-nji aprelde ýerli dilerlerde peýda bolar. Bu barada carnewschina.com habar berýär. Awtoulagyň bahasy yglan edilmedi.

Exlantix ET modeli doly göwrümli krossowerdir. Awtoulagyň uzynlygy 4955 mm, teker binýady 3000 mm. Awtoulagyň çyra bölümleriniň aşagynda LED panelleri oturdyldy, onda sürüji dürli şekilleri görkezip bilýär. Krossower gizlin gapy tutawaçlary, süýri rul çarhy we multimediýa ulgamy üçin giň merkezi ekran bilen üpjün edildi. Awtoulagyň ýolagçylaryň ýürek urşuna, gan basyşyna we beýleki görkezijilerine hakyky wagtda gözegçilik edip bilýän özboluşly saglyga gözegçilik ulgamynyň bardygy bellendi.
Exlantix ET-iň dört görnüşli hereketlendirijili nusgasy bar. Ilkinji ikisi 252 ýa-da 313 at güýji bolan hereketlendirijili, yzky ýa-da öňki tekerleri hereketli nusgalardyr. Üçünji nusga umumy kuwwaty 480 at güýji bolan ähli tekerleri hereketli görnüşde hödürlenýär. Dördünji modifikasiýa 561 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Ulagy bir zarýadda geçýän aralygy görnüşine baglylykda, 550 km-den 760 km aralygyndadyr.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....