Emeli aňa betnebis maksatlar üçin ýalanlary tanamagy öwretdiler

  • 21.03.2024 11:25
  • 9.7k+

Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri adamlaryň ýalan sözlemäge ykdysady bähbidi bolan ýagdaýynda programmalara ýalany has gowy tanamaga mümkinçilik berýän, emeli aň guralyny döretdiler diýip, gözlege salgylanýan Hi-Tech ýazýar.

Okatmagyň täze usuly ipoteka üçin ýüz tutanda ýa-da ätiýaçlandyryş töleglerini azaltjak bolanda adamyň nädogry maglumat berip biljek ýagdaýlaryny emeli aňa göz öňünde tutmaga kömek edýän ölçegleriň toplumyna esaslanýar.
Modifisirlenen AI (emeli aň) ulanyjylardan gelýän nädogry maglumatlary gowy tapýar.

“Munuň özi ulanyjynyň maglumat berende ýalan sözlemek meýlini düýpli peseldýär. Şeýle-de bolsa, ownuk ýalanlar henizem ünsden düşüp biler. “Kiçijik ýalanlar” bilen “uly ýalanlaryň” arasyndaky serhediň nirededigine düşünmek üçin biz ýene goşmaça işlemeli bolarys. AI-ni ýeterlik derejede akylly edip bilsek, bu meýilleri doly ýok edip bileris "- diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Mehmet Kaner habar berýär.

Gözlegçiler AI-e öwretmegiň täze ölçeglerini has giňişleýin synag etmek üçin olary köpçülige elýeter etdiler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...