BMG: 2023-nji ýyl gyzgynlyk, buzlaryň eremegi we howanyň üýtgemegi boýunça rekordlary täzeledi

  • 21.03.2024 11:21
  • 15k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2023-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyl boldy. Ýeriň üstüniň ortaça temperaturasy industrialdan öňki derejeden Selsiý boýunça 1,45 gradus ýokary geçdi diýip, TASS habar berýär.

“Bu gözegçiligiň taryhynda iň yssy onýyllyk boldy” – diýip, gurama belledi.

2023-nji ýylyň iýun aýyndan dekabr aýy aralygyndaky ähli aýlar rekord derejede maýyl boldy, iýul, awgust we sentýabr bolsa aýratyn uly tapawut bilen rekord goýdy.
Gurama global temperaturanyň uzak möhletleýin ýokarlanmagyny atmosferada bug gazlarynyň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar. 2023-nji ýylda Antarktikada deňiz buzunyň giňişligi gözegçiligiň taryhynda iň pesi boldy. Gyşyň ahyrynda onuň iň uly meýdany geçen rekord ýylyna garanyňda 1 mln inedördül kilometr azdy.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Andreýa Seleste Saulo adamzadyň Pariž şertnamasy tarapyndan kesgitlenen Selsiý boýunça 1,5 gradus ýylylyk derejesine hiç haçan şeýle ýakyn bolmandygyny aýdýar. “BMG jemgyýeti dünýä gyzyl howp signalyny iberýär” diýip, ol belledi.
Gurama howanyň üýtgemegine garşy aýgytly hereketlere çagyrýar.
Ýatlap geçsek, Pariž şertnamasyna 2015-nji ýylda gol çekildi. Oňa gatnaşyjy ýurtlar ortaça ýyllyk temperaturanyň ösüşini Selsiý boýunça 1,5 ýa-da 2 gradus derejesinde saklamak üçin geljek onýyllyklarda CO2 žyňyndylaryny meýletin azaltmaga borçlandylar.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.8k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......