Şu gün Ýerde ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy

  • 20.03.2024 19:25
  • 15k+

2024-nji ýylda ýarym şara garamazdan gündiz bilen gijäniň dowamlylygynyň birmeňzeş bolýan wagty – ýazky gije-gündiz deňleşmesi şu gün, 20-nji martda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Ýazky gije-gündiz deňleşmesiniň kesgitlenen wagty ýok, ýöne häzirki günde alymlar gije-gündiziň deňleşýän wagtyny minutyna çenli takyk kesgitläp bilýärler. 2024-nji ýylda ol 20-nji martda Aşgabat wagty bilen 08:07-de başlady.
Gije-gündiziň deňleşýän wagty diýlip Günüň Ýeriň ekwatorynyň üstünde ýerleşýän pursatyna aýdylýar. Ýylda iki gezek, ýazyň we güýzüň başynda Gün şöhleleri ekwatora perpendikulýar düşýär, netijede planetanyň iki ýarym şary-da deň mukdarda ýagtylyk alýar, gündiz bilen gije hem dowamlylygy boýunça birmeňzeş bolýar.
Şu günden soň 20-nji iýuna çenli (tomusda günüň gysgalýan wagty) Demirgazyk ýarym şarda gün ýuwaş-ýuwaşdan uzalar, Günorta ýarym şarda bolsa gysgalar.
Dünýä medeniýetleriniň köpüsinde ýazky gije-gündiziň deňleşmesi baharyň gelmegi we tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzelenmegi bilen baglanyşdyrylýar. Daýhanlar ekiş möwsümine işjeň taýýarlyk görüp başlaýarlar.


14.06.2026 16:13
5.4k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......