Gyrgyzystanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda Nowruz baýramyna bagyşlanan konsert geçirildi

  • 20.03.2024 15:46
  • 8.2k+

19-njy martda Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde “Türki dünýäsinde Nowruz” ady bilen çäre we konsert programmasy geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Azerbaýjandan diplomatlar, şeýle-de Bişkekiň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyplar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ilçisi N.Golliýew çärede gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzda Nowruz baýramynyň bellenilişi hem-de bu günlerde esasy çäreleriň Ahal welaýatyndaky “Nowruz ýaýlasynda” geçirilýändigi barada gürrüň berdi.
Şeýle-de, myhmanlar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly möhüm halkara wakalary bilen tanyşdylar.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......