Türkmenistan bilen Ermenistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi maslahatlaşýar

  • 20.03.2024 15:45
  • 3.9k+

19-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda 2024-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge aýratyn üns berildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy we energetika pudagy bellenildi.
Iki ýurduň täjirçilik gurluşlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we işewür toparlaryň özara saparlaryny guramaga aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle-de, ermeni tarapynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelere gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......