App Store-yň web nusgasynda Vision Pro üçin programmalaryň bölümi peýda boldy

  • 19.03.2024 16:55
  • 2.9k+

Apple kompaniýasy App Store-yň web nusgasynda Apple Vision Pro garyşyk hakykat enjamynyň işleýän operasion ulgamy bolan VisionOS üçin amaly programmalary we oýunlary öz içine alýan täze bölüm açdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär.

Bölüm Apple Vision Pro enjamyny satyn aljaklaryň söwdadan öň enjama hödürlenýän programmalar bilen tanyşmaklary üçin döredildi. Ozal Vision Pro üçin programmalary we oýunlary diňe App Store-iň enjamyň özi üçin niýetlenen nusgasynda görüp bolýardy.
Täze bölümi açmak üçin App Store web sahypasyna girip, «Apple Vision Pro üçin» düwmesine basmaly. Açylýan sahypada ulanyjy programmalar we oýunlar rubrikalaryny, şeýle hem Apple Arcade-iň taslamalary üçin aýratyn bölümi görer.
Sahypada programmalar App Store-yň enjam üçin niýetlenen nusgasyndaky ýaly toparlara bölünýär. Ýagny, saýtda «Täzelikler», «Şu hepdedäki täzelikler», «iPhone, iPad we Vision Pro üçin oýunlar» we «Elden gidirmäň» bölümlerini tapyp bilersiňiz. Şeýle hem «Howa», «Hyzmatlar», «Güýmenje», «Sport», «Öndürijilik» we beýleki bölümler boýunça programmalara göz aýlamak mümkindir.
Vision Pro Apple-iň 2024-nji ýylyň fewral aýynda çykan ilkinji MR enjamy. Häzirki wagtda täze önüm diňe ABŞ-da 3,5 müň dollara satylýar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...