Timoti Şalame “Düýbünden nätanyş” biografik filminde meşhur sazanda Bob Dilanyň keşbini ýerine ýetirer

  • 20.03.2024 10:08
  • 5.1k+

Nýu-Ýorkda “Düýbünden nätanyş” biografik filmi surata düşürilip başlandy. Ol meşhur sazanda, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Bob Dilanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar. Filmde baş keşbi “Dýunanyň” we “Willi Wonkanyň” ýyldyzy Timoti Şalame ýerine ýetirer. Bu barada Rolling Stone neşiri ýazýar.

Internet torunda eýýäm aýdym-saz dramasynyň surata düşürilişinde Timoti Şalame bilen ilkinji suratlar peýda boldy. Film Dilanyň 1960-njy ýyllarda peýda bolşy, onuň folk-sazandasyndan rok-n-roll ikonasyna geçişi barada gürrüň berer. Filmiň režissýory hökmünde “Ford Ferrarä garşy”, “Logan”, “Ýuma gidýän otly” we “Indiana Jons 5” filmleri bilen belli bolan Jeýms Mengold çykyş eder.
Şalame bilen birlikde filme Edwadr Norton we El Fanning gatnaşýar.
Filmiň anyk relizi heniz yglan edilmedi, ýöne ony geljek ýyl çykarmak meýilleşdirilýär. ABŞ-da filmiň distribýutory Searchlight Pictures studiýasy bolar.


07.02.2026 00:28
1.9k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

02.02.2026 15:28
2.7k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...