Robert Kiýosaki 2024-nji ýylda girdejili maýa goýumlaryny aýtdy

  • 19.03.2024 16:01
  • 5.8k+

Geçginli “Baý kaka, garyp kaka”  kitabynyň awtory Robert Kiýosakiniň altyn we kümüş 2024-nji ýylda iň gowy maýa goýumlarynyň biri bolar diýip hasaplaýar. Rich Dad Radio podkastynyň täze goýberilişinde gymmatly metallary "hemişe ýanyňyzda  boljak ygtybarly süýşürintgiler" diýip atlandyrdy.

"Bu gymmatly metallary bilegiňize, barmaklaryňyza ýa-da gulaklaryňyza şaý-sepler görnüşinde dakyp bilersiňiz" – diýip, Kiýosaki hususy serişdeler görnüşinde maýa goýmagyň artykmaçlyklaryny belledi.

Dünýädäki durnuksyz ykdysady ýagdaý altyn-kümşi süýşürintgi pul goýmagyň  ygtybarly usuly edýär. Altyn teňňeleri  zikgelemek bilen meşgullanýan Miles Franklin Precious Metals kompaniýasynyň prezidenti Endi Şektman hem maliýe bilermeniniň bu pikirini goldady.

“Gymmatly metallar - alyjy gözläp kösenmeli bolmaýan durnukly baýlyk. Taryh bu hili emlägiň islendik döwürlerde-de ygtybarlydygyny görkezdi "- diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýosaki kümşi “iň uly şertnama” diýip tekrarlap gelýär we maýadarlara bu aktiwlere üns bermegi maslahat berdi. Hünärmenler, senagatda islegiň ýokarlanandygyna salgylanyp, 2024-nji ýylda kümşüň örän islegli boljakdygyny çaklaýarlar.


11.11.2025 14:30
8.3k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.6k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

13.08.2025 15:57
6.5k+

Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar...