Täze Huawei Nova 12s smartfonynyň aýratynlyklary aýan edildi

  • 19.03.2024 15:59
  • 6.6k+

Huawei kompaniýasy täze Nova 12s smartfony üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady, şonuň netijesinde enjam barada käbir maglumatlar mälim boldy. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär.

Nova 12s-iň dizaýny Nova 12 Lite-iň dizaýnyna gaty meňzeýär. Ýagny, arka tarapynda üç datçik ýerleşdirilen gerdejik görnüşli kamera bar. Gyralary tekiz, has gowy tutmak üçin iki ujunda birneme egrilik bar.
Daşky meňzeşliginden başga-da, enjamyň beýleki aýratynlyklary hem Nova 12 Lite bilen deňdir. Huawei Nova 12s-iň 8 GB operatiw ýat, 256 GB goşmaça ýat we giň burçly obýektiwli 60 megapikselli kamera bilen üpjün edilendigini belleýär. Şeýle hem enjam 66W SuperCharge Turbo çalt zarýad bermegi goldaýar. Mundan başga-da, Nova 12s gök we ak reňklerde elýeterli bolar. Enjamyň galyňlygy 6,88 mm, agramy 168 gr bolar.
Meksikada Huawei Nova 12s-iň öňünden sargytlary mahabat häsiýetine eýedir. Ulanyjylara smartfonyň çykan gününde 20% arzanladyş almak üçin 10 meksikan pesosyny tölemek teklip edilýär. Täze önümiň satuwynyň doly başlamagy 2024-nji ýylyň 21-nji martynda meýilleşdirilýär.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...