WSJ: Hytaý TikTok-yň satylmagyndan onuň ABŞ-da gadagan edilmegini makul hasaplaýar

  • 19.03.2024 11:05
  • 8.9k+

TikTok sosial ulgamynyň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasy iki oduň arasynda galdy. Hytaý häkimiýeti TikTok-yň Amerika satylmagyndan onuň bu ýurtda gadagan edilmegini has makul hasaplaýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “The Wall Street Journal” habar berýär.

13-nji martda ABŞ-nyň Wekiller palatasy ýarym ýylyň içinde TikTok-yň ByteDance-den alynmagyny talap edýän kanun taslamasyny tassyklady. Bu şeýle edilmese, platforma ýurtda gadagan edilip bilner. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem resminama gol çekjekdigini aýtdy.
Öň, ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň öňki ýolbaşçysy, häzir Liberty Strategic Capital hususy maýa goýum kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Stiwen Mnuçin maýadarlar konsorsiumyny ýygnap, TikTok-y satyn almaga taýýardygyny aýtdy. Şertnamanyň bahasy azyndan 100 mlrd dollar bolup biler. 
Şeýle-de bolsa, Pekin ABŞ-dan TikTok-a basyş etmegini bes etmegi talap edýär we “Hytaýyň kanunlaryny hem düzgünlerini berk berjaý etmegiň” zerurlygyny belleýär. ByteDance muňa sosial ulgamy satmaga synanyşyk eden ýagdaýynda Pekin tarapyndan päsgelçilikleriň boljakdygy baradaky duýduryş hökmünde garaýar.
Hytaý TikTok-y duýgur tehnologiýalara degişli edýär diýip, CNN belleýär. Pekin bilen ByteDance sosial ulgamy hiç haçan başlangyç kodly satmaga razy bolmasalar gerek. “Onsuz TikTok-y satyn almak bolsa, “Formula-1-iň” ulagyny hereketlendirijisiz satyn almak ýalydyr”. TikTok-yň ykbaly häzirlikçe näbelli. Ýöne ol ABŞ-da gadagan ediläýse, bu ByteDance üçin uly ýitgi bolar.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda ABŞ-da TikTok-yň girdejisi, takmynan, 20 mlrd dollar boldy. 


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......