Amerikanyň Radia başlangyjy dünýäde iň uly uçary ýasar

  • 19.03.2024 10:44
  • 14k+

Amerikanyň Radia başlangyjy dünýäde iň uly uçar boljak WindRunner ýük uçarynyň taslamasyny hödürledi. Bu barada başlangyjyň ýolbaşçysy, raketaçy alym Mark Lundstrom The Wall Street Journal gazetine beren interwýusynda aýtdy.

WindRunner-iň uzynlygy 108,5 metr, beýikligi 24 metr, ganatynyň uzynlygy 79,5 metr bolar we 80 tonna ýüki göterer. Uçar ululygy sebäpli gury ýerden daşap bolmaýan 90 metr uzynlykdaky ýel turbinalarynyň perlerini daşar.
Ýük uçary M = 0,6 (Mah sany) çenli tizlige ýetip biler. Şeýle gabaraly uçara iki kilometre golaý uzalyp gidýän uçuş-gonuş zolagy gerek bolar.
Radia-nyň topary uçaryň täjirçilik önümçiliginiň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli başlanmagyna garaşýar.
WindRunner ýel energiýasynyň ösüşini çaltlaşdyrar. Uçaryň göterijilik ukyby we ölçegleri ony başga ugurlarda-da ulanmaga mümkinçilik berýär: mysal üçin, harby ulgamda - agyr tehnikany daşamakda.


29.05.2026 23:05
4.2k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 17:01
5.7k+

Argentinada 750 metrlik sendwiç bilen rekord goýmak synanyşygy tertipsizlige öwrüldi

Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatynyň Awelýaneda şäherinde Maý rewolýusiýasynyň gününe bagyşlanyp guralan sendwiç taýýarlamak çäresi garaşylmadyk bulama-bujarlyk bilen tamamlandy. Bu barada ýerli KHBS-e......

28.05.2026 12:35
4.1k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....