ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

  • 09.07.2025 13:12
  • 11k+

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar.

Penjireleriň şekili osina agaçlaryndaky (Pópulus trémula) tebigy nagyşlardan ugur alýar. Bu agaçlarda wagtyň geçmegi bilen göze meňzeýän yzlar peýda bolýar. Şeýlelikde, fasat agajyň gabygyny ýada salýar.

Içki otaglaryň gurluşyna baglylykda, umuman, penjireleriň birnäçe görnüşi ulanyldy.
Binada 265 otag, fitnes merkezi, launj-zolaklary, çäreler üçin ýer we Stellar Jay bar-restorany bilen açyk eýwan ýerleşdi. Myhmanhanadan Kapitoliý binasyny, Siwik-merkezi seýilgähini we Gaýaly daglary synlamak bolýar.
Studio Gang-yň esaslandyryjysy Žann Gangyň aýtmagyna görä, bina taslananda binagärler Denweriň özboluşly şäher we tebigy keşbini görkezmäge synanyşdy.

“Denwer janly şäher bilen ýurduň iň täsin tebigy landşaftlarynyň arasynda özboluşly deňagramlylykdyr. Biziň maksadymyz bu gülleýän ýeriň keşbini görkezip biljek özboluşly şäher häsiýetini we baý ekologiýany ulanmak boldy” – diýip, Gang aýdýar.

Populus ekologiýa ülňülerini göz öňünde tutmak bilen guruldy. Binada myhmanlara başga ulag görnüşlerini ulanmaga itergi bermek üçin awtoduralga ýok. Diwarlar kül goşmak bilen betondan ýasaldy, bu uglerod zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Penjireleriň gurluşy ýagyş suwuny sowmaga ýardam edýär.




şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......