Документ об отмене рабства в США продан за $13,7 млн: его купил миллиардер Кеннет Гриффин

  • 06.07.2025 15:52
  • 11k+

Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy. Bu şeýle görnüşli resminamalar üçin rekord mukdar hasaplanýar.

Golýazma «Fine Books and Manuscripts, Including Americana» atly söwdanyň ilkinji tapgyrynda hödürlendi we esasy lotlaryň (gymmatlyklaryň) biri boldy. Häzirki wagtda şeýle resminamalaryň diňe dört nusgasy hususy kolleksiýalarda saklanýar.
Griffin şeýle-de Linkolnyň 1864-nji ýylda gol çeken Gullary azat etmek baradaky Proklamasiýasyny hem satyn aldy. Onuň bahasy 4,4 mln dollar bolup, deslapky bahasy 3 mln bilen 5 mln dollar aralygynda kesgitlenipdi.
Milliarder öz beýanatynda bu resminamalary satyn alandygyny, sebäbi olaryň jemgyýetde ähli adamlaryň deňhukuklylygy baradaky idealy berkidendigini we taryhda «öňe ädilen iň uly ädimlerdigini» belläp geçdi.
Kennet S. Griffin – «Citadel» atly maýa goýum gaznasynyň (hej-fond) esaslandyryjysy, şeýle-de dünýädäki iň uly sungat kolleksionerleriniň we hemaýatkärleriniň biridir. Ol «ARTnews Top 200 Collectors» sanawyna girýär, onuň kolleksiýasynda Jasper Jons, Willem de Kuning, Jekson Pollok we Pol Sezann ýaly meşhur suratkeşleriň işleri bar. Işewür şeýle hem ABŞ-nyň iň iri muzeýleriniň birnäçesine goldaw berýär, olaryň arasynda Nýu-Ýorkdaky MoMA, Çikagodaky Häzirki zaman sungat muzeýi we Floridadaky Norton muzeýi bar.
2021-nji ýylda Griffin ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň örän seýrek nusgasyny 43,2 mln dollara satyn aldy. 2025-nji ýylyň ýazynda ol bu resminamany Filadelfiýadaky Milli Konstitusiýa merkezine wagtlaýyn berjekdigini hem-de şol merkeze 15 mln dollar bagyşlajakdygyny mälim etdi.


сегодня 00:57
3.8k+

США выделили ООН больше $1 млрд на гуманитарную помощь

Госдепартамент США объявил о выделении более $1 млрд на гуманитарную помощь и ликвидацию последствий стихийных бедствий. Средства распределены между двумя структурами ООН: ЮНИСЕФ получит более $218 млн, а......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google выделит 50 млн долларов на обучение строителей и электриков

Google направит 50 млн долларов через фонд Google.org на программы обучения рабочим специальностям в более чем 20 штатах США. Компания рассчитывает подготовить свыше 300 тысяч специалистов....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Минюст США одобрил сделку Paramount и Warner Bros. Discovery на $111 млрд

Министерство юстиции США одобрило сделку по приобретению Warner Bros. Discovery компанией Paramount Skydance стоимостью $111 млрд....

13.06.2026 09:33
10k+

Jeep раздаст 100 внедорожников, если США выиграют ЧМ-2026. Но есть один нюанс…

Американский бренд Jeep запустил необычную патриотическую рекламную акцию, приуроченную к чемпионату мира по футболу. Компания пообещала бесплатно раздать 100 внедорожников Jeep Wrangler, если сборная США......