Apple ABŞ-ny esaslandyryjylaryň biri hakynda “Franklin” atly mini-serialy çykarar

  • 17.03.2024 11:21
  • 13k+

Apple TV+ ABŞ-ny esaslandyryjy atalaryň biri bolan Benjamin Franklin hakynda “Franklin” atly gysga göwrümli filmleriň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu amerikaly syýasatçynyň, diplomatyň, oýlap tapyjynyň, alymyň, filosofyň, ýazyjynyň we massonyň portreti ýüz dollarlyk kagyz puluň ýüzünde şekillendirilendir.

Sekiz bölümden ybarat bolan serialda baş keşbi “Oskar” we “Emmi” baýraklarynyň ýeňijisi Maýkl Duglas ýerine ýetirdi.
"Frankliniň" sýužeti 1778-nji ýylda ýaýbaňlanýar, şonda Frankline fransuz hökümetini amerikan-fransuz şertnamasyna gol çekmäge yrmak başardypdy. Bu resminama arkaly ABŞ ilkinji gezek garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilipdi, bu soňlugy bilen Fransiýadyr Beýik Britaniýanyň arasynda urşuň turmagyna getirdi.
Filmde Noa Jup, Lýudiwin Sanýe, Eddi Marsan we beýleki artistler hem oýnaýarlar. Bu serial Steýsi Şiffiň “Uly improwizasiýa: Franklin, Fransiýa we Amerikanyň dünýä inişi” atly kitabyna esaslanýar.
Sekiz bölümiň hemmesine Tim Wan Petten režissýorlyk etdi (“Tagtlaryň oýny”). “Franklin” 12-nji aprelde Apple TV+ akym hyzmatynda ilkinji gezek görkeziler.
Benjamin Franklin - Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyz döwlet hökmünde emele gelmeginiň esasynda ýatýan iň möhüm taryhy resminamalaryň üçüsine: Garaşsyzlyk Jarnamasyna, Konstitusiýa we 1783-nji ýylyň Wersal şertnamasyna (şeýle-de, Parižiň Ikinji parahatçylyk şertnamasy hem diýilýär) gol çeken ABŞ-nyň ýeke-täk esaslandyryjysy.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....