Adam Sendler we Jorj Kluni “Barbini” döredijileriň filminde surata düşer

  • 17.03.2024 11:12
  • 2.7k+

Netflix “Kalmar we kit” hem-de “Nika hekaýaty” filmleri bilen belli bolan Noa Baumbahyň täze filminiň surata düşürilýändigini anons etdi. Taslamanyň aktýorlar düzümine belli ýyldyzlar Adam Sendler we Jorj Kluni girdi. Şeýle-de, filmde Lora Dern, Billi Krudap, Greta Gerwig, Patrik Wilson, Jim Brodbent, Lars Aýdinger, Alba Rorwaher, Emili Mortimer (ssenariýanyň awtordaşy) we beýlekiler çykyş eder.

Sýužet barada jikme-jik maglumatlar gizlin saklanýar, ýöne söhbetdeşlikleriň birinde režissýor munuň “ulularyň ulalyşy barada gyzykly we duýguly film” boljakdygyny aýtdy.
Belläp geçsek, Baumbah bilen Gerwig ýakynda “Barbi” filminiň ssenariýasy üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi.
Netflix-iň täze taslamasy Baumbahyň filmografiýasynda 10-unjy film bolar. Reliziň senesi heniz belli däl.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......