Arylar tennis ýaryşyna hüjüm etdiler. Alkaras bilen Zwerewiň arasyndaky oýun togtadyldy

  • 16.03.2024 08:32
  • 16k+

Indian-Uellsde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynyň çärýek finalynda täsin bir waka boldy. RIA Nowostiniň berýän habaryna görä, Karlos Alkaras (Ispaniýa) bilen Aleksandr Zwerewiň (Germaniýa) arasyndaky oýun arylaryň hüjümi sebäpli togtadyldy.

Ilkinji setde hasap 1:1 bolanda birden ýüzlerçe ary peýda bolup, eminleri oýny togtatmaga mejbur etdi. Tennisçiler howlukmaçlyk bilen meýdançadan çykdylar. Žurnalist Žoze Morganonyň berýän habaryna görä, arylaryň biri Alkarasyň maňlaýyndan çakypdyr.
1 sagat 48 minutlyk arakesmeden soň, oýun täzeden başlandy. Gülkünç ýagdaý Alkarasy ruhdan düşürmedi we ol 6:3, 6:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

“Geň zat, öň tennis meýdançasynda munuň ýaly ýagdaýa duş gelmedim. Tennis meýdançasyndan gaçyp çykanymyzdan soň, telewizorda arylaryň çozuşyna tomaşa edip, gülüşdik. Gyzykly boldy. Soňam ýadyma tennis däl-de, şol waka düşüp dursa gerek" - diýip, Alkaras özünde galan täsirleri paýlaşdy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......