Aşgabadyň Halkara howa menzilinde tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak işleri geçiriler

  • 16.03.2024 06:11
  • 25k+

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bu Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa menziliniň ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna görä saklamak maksady bilen, nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, täze halkara howa gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny belledi. Munuň özi howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem talap edýär. Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....