Müsürli futbolçynyň oýun wagty ýüregi durdy. Lukmanlara ony halas etmek üçin bir ýarym sagat gerek boldy

  • 15.03.2024 16:48
  • 29k+

Müsüriň milli ýygyndysynyň we “Fýuçer” futbol klubunyň hüjümçisi Ahmed Refaat ýurduň çempionatynyň Aleksandriýanyň “Al-Ittihadyna” garşy oýnunda ýürek durmasyny başdan geçirdi. 30 ýaşly hüjümçi 61-nji minutda oýna çykdy, 89-njy minutda bolsa özüni ýitirip, otuň üstüne ýykyldy diýip, RBK ýazýar.

Ol topsuz durdy we gapdalynda-da hiç kim ýokdy, şonuň üçin Ahmediň ýykylanyny futbolçylar we eminler birbada görmediler.
Iki toparyňam lukmanlary Refaatyň ýüregine şol ýerde gaýtadan jan berip bilmediler. Ol golaýdaky hassahana äkidildi, bu ýerde reanimatologlar ony 35 gezek defibrillýasiýa etmäge synanyşdylar. Oýunçynyň ýüregi diňe soňky synanyşykdan soň urup başlady. Puls bir sagatdan hem köp wagtlap bolmady.           
Soňky maglumatlara görä, Refaatyň ýagdaýy kem-kemden gowulaşýar. Ol lukmanlaryň gözegçiligi astynda intensiw bejeriş palatasynda bolýar. Hassada öýken we böwrek näsazlyklary ýüze çykaryldy, ýöne kelle beýnisine zeper ýetmändir.

“Futbolçynyň şeýle ýagdaýdan halas edilmegini Hudaýyň gudraty hasaplamak bolar. Ýene 48-72 sagatdan onuň geljegi barada anyk aýdyp bileris” – diýip, lukman Amr Osman belledi.

Refaatyň hasabynda Müsüriň milli ýygyndysynyň düzüminde ýedi oýun we iki gol bar.


düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......