Programmany tutuşlaýyn özbaşdak taýýarlamaga ukyply emeli aň hödürlendi

  • 15.03.2024 16:10
  • 3.5k+

Cognition amerikan kompaniýasy inžener-programmistiň ähli işini özbaşdak ýerine ýetirmäge ukyply Devin neýroulgamyny hödürledi. Emeli aň diňe bir programmistlere kod ýazmaga kömek etmän, eýsem taslamalary özbaşdak meýilleşdirmäge we durmuşa geçirmäge, ýalňyşlyklary öwrenmäge we düzetmäge ukyplydyr. Bu barada MSPoweruser portaly habar berýär.

Devin täze tehnologiýalara çalt uýgunlaşyp, resminamalary okamak bilen täze gurallary çalt özleşdirip bilýär. Neýroulgam doly işleýän web-programmalary hem döredip, ulanyjylardan gelýän seslenmelere görä täze funksiýalary goşýar. Şeýle-de, Devin koddaky näsazlyklary özbaşdak ýüze çykaryp, düzedýär we sazlaýar, hatda uly dil modellerini-de gurnaýar hem sazlaýar.
Bloomberg-iň žurnalistleri taslamany synap gördüler we netijeden kanagatlanandyklaryny aýtdylar. Neýroulgam olar üçin ýönekeý tekst beýany boýunça Sidneýiň restoranlary bilen doly derejeli katalog saýtyny döretdi.
Devin-iň ornaşdyrylmagy gündelik işleri öz üstüne alyp, programmistleriň ýüküni ýeňilleşdirip biler, şeýle-de bolsa has kyn we döredijilikli çemeleşmäni talap edýän ýumuşlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin adamyň gatnaşmagy barybir zerur bolar diýip, žurnalistler belleýär.


21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......