Daniýaly alymlar harabalygyň astynda galanlary gözlemek üçin ýylan-robot döretdiler

  • 15.03.2024 05:45
  • 9.2k+

Daniýaly alymlar gözleg-halas ediş işleri wagtynda barmasy kyn ýerlerde diri galanlary gözläp bilýän ýylan roboty döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Günorta Daniýa uniwersitetiniň (SDU) alymlary tarapyndan döredilen bu enjam ýylanlaryň dar ýerlerde hereket etmekde ulanýan göni çyzykly lokomosiýa usulyny ulanýar.
Robot origami stilinde ýasalan, ol aşa ýokary molekulýar agramly polietilen (UHMWPE) ýaly, ýeňil kompozit dokma önümlerinden we segmentleriň içindäki haltajyklara gezekli-gezegine howa geçirýän silikon şlangdan ybarat. Bu halta yzygiderli giňäp-gysylmak bilen, roboty öňe hereket etdirýär.
Işläp düzüjileriň ýolbaşçylary - aspirant Burçu Seýidoglunyň we professor Ahmad Rafsanjaniniň sözlerine görä, robot beýleki özüne meňzeşlere garanyňda, birnäçe artykmaçlyga eýe: has ýeňil, öndürmek arzan düşýär we onuň ýumşak,  çeýe bedeni dar ýerlere sümülmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda alymlar roboty awtonom etmek, şeýle hem tizligini we aýlanyş-öwrüliş ukybyny ýokarlandyrmak üçin iş alyp barýarlar.
Geljekde ýylan robot betbagtçylyk bolan ýerlerde harabalygyň astynda galan adamlary gözlemekde peýdalanylyp bilner. Şeýle hem ony beýleki planetalary öwrenmekde ulanmak teklip edilýär.

 


düýn 17:37
1.8k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......