Wenada Türkmenistan bilen Awstriýanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

  • 14.03.2024 22:08
  • 1.9k+

12-nji martda Wenada Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda türkmen wekiliýetiniň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy arkaly Ýewropa gaz üpjünçiligi meselesindäki ornuny tassyklady. Soňky 15 ýylda munuň üçin köp iş edilendigi, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygyň gurlandygy bellenildi.
Ýurdumyz üçin şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň biri - günorta tarapda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Türkmen tarapy bu we beýleki gaz taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän Awstriýa kompaniýalaryny çagyrýar.
Şeýle-de Awstriýaly işewürler Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky nebit we gaz ýataklarynda işlemek mümkinçiligine garamak üçin çagyryldy.
Türkmenistan Awstriýanyň öndürijileri bilen gaz almagyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazyny üpjün etmegi köp görnüşli gaz ulag infrastrukturasyny giňeltmek üçin tehnika we enjamlar bilen üpjün etmegi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Bu barada ORIENT agentligi habar berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......