UEFA Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Arsenal» çärýek finala çykdylar

  • 13.03.2024 08:36
  • 10k+

13-nji marta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň "Barselona" bilen "Napoliniň", şeýle-de "Arsenal" bilen "Portunyň" arasynda jogap oýunlary geçirildi.


Ispaniýanyň "Barselonasy" bilen Italiýanyň "Napolisiniň" arasyndaky birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy.
Jogap duşuşygynda Kataloniýa topary 20 ýaşly Fermin Lopesiň (15-nji minut) we Žoau Kanselunyň (17) gollary netijesinde derrew artykmaçlyk gazandy. "Napoli" 30-njy minutda Amir Rrahmaniniň goly bilen oýny gyzyklandyryp başlady. Bu gapma-garşylykda nokady 83-nji minutda Robert Lewandowskiý goýdy.
Netijede, "Barselona" 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy (iki oýnuň jemi boýunça 4:2). Kataloniýa topary 2019-20 möwsüminden bäri ilkinji gezek ýaryşyň dörtden bir finalyna çykýar.
Beýleki bir oýunda Londonyň "Arsenaly" Emireýts stadionynda "Portuny" kabul etdi. "Arsenal" Portugaliýada geçirilen birinji oýunda 0:1 hasabynda utulypdy.
Jogap oýnunyň esasy wagty bolsa "Arsenalyň" peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Onuň düzüminde 41-nji minutda Leandro Trossar tapawutlandy.
Goşmaça wagt ýeňijini ýüze çykaryp bilmedi, şonuň üçin indiki tapgyra gatnaşyjy oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi. Bu ýerde "Arsenalyň" oýunçylary has takyk hereket etdi - 4:2.
"Arsenal" 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykýar.


düýn 17:32
4k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.3k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.3k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
5.9k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....