28-nji martda Xiaomi ilkinji elektromobilini satuwa çykarar

  • 13.03.2024 09:01
  • 8.5k+

Hytaýyň smartfon we hojalyk enjamlaryny öndüriji kompaniýasy Xiaomi 28-nji martda özüniň ilkinji elektromobilini – SU7 sedanyny satuwa çykarar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi diýip, 1prime.ru belleýär.

Leý Szýun tarapyndan berlen maglumatlara görä, elektromobiliň resmi satuwy 28-nji martda başlar, sargytlar Hytaýyň 29 şäherindäki 59 dükanda kabul ediler. Elektrokary 25-nji martdan synap görmek bolar. Kompaniýa heniz awtomobiliň bahasyny aýan etmeýär, ýöne öň Leý szýun SU7-niň 500 müň ýuana (takmynan, 70 müň dollar) bäsdeşleriniň azdygyny belläpdi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....