Apple geljek hepdelerde täze iPad Pro we iPad Air hödürlär

  • 13.03.2024 07:06
  • 2.9k+

Apple 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda ýa-da aprel aýynda täze iPad Pro we iPad Air modellerini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada MacRumors meşhur insaýder we «Bloomberg-iň» habarçysy Mark Gurmanyň täze «Power On» atly habarlar býulletenine salgylanyp habar berýär.

Gurmanyň bellemegine görä, Apple eýýäm täze iPad üçin iPadOS 17.4-iň ýörite wersiýasyny işläp düzýär. Bu täze enjamlaryň ýakyn wagtda çykjakdygyny görkezýär. Insaýder  iPad Pro we iPad Air bilen bir hatarda, Apple-iň Magic Keyboard we üçünji nesil Apple Pencil stilusy ýaly planşetler üçin täze esbaplary hödürlejekdigini aýtdy.
Täze iPad Pro modelleriniň esasy aýratynlygy OLED ekranlarynyň bolmagydyr. Apple bu görnüşli matrisany planşetlerinde ilkinji gezek ulanýar. Şeýle hem žurnalistler iPad Pro-nyň iň soňky M3 seriýaly çiplere geçmegine garaşýarlar.
iPad Air-iň esasy täzelenmesi 12,9 dýuýmlyk modeliň girizilmegi bolar. Şeýle hem bu modelleriň çykmagy bilen, Apple ilkinji gezek iPad-a frontal kamera girizer, ol enjamda albom tertibinde işlär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...