“Oskar-2024”-e 19,5 million tomaşaçy seretdi. 10 ýyl mundan ozal olaryň sany 43 milliondan geçýärdi

  • 12.03.2024 22:03
  • 8.5k+

Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar-2024” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 19,5 million tomaşaçy tomaşa etdi, bu bolsa geçen ýylkydan 4% köp diýildigidir. Bu soňky dört ýylda iň gowy görkeziji boldy diýip, Variety habar berýär.

Şu ýylky çäre adatdakysyndan bir sagat öň başlandy.
“Oskar 2024” 2021-nji ýyldan bäri gözegçilik edilýän tomaşaçylar köpçüliginiň ösüş tendensiýasyny dowam etdirdi.
COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly faktorlaryň täsiri bilen, 2021-nji ýylda dabara tomaşaçylaryň iň az mukdary - 10,4 milliony tomaşa etdi. 2022-nji ýylda olaryň sany 16,6 milliona, 2023-nji ýylda bolsa 18,8 milliona ýetdi.
Tomaşaçylaryň köpelendigine garamazdan, “Oskar” henizem iň ýokary görkezijilerine ýetmedi. 2014-nji ýylda dabara 43 million adam tomaşa edipdi.
Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi 2024-nji ýylda “Oskar”-yň esasy ýeňijisi boldy. Film, iň gowy filmi hem goşmak bilen, 7 baýrak aldy (13 nominasiýanyň içinden). Baýraklaryň sany boýunça ikinji orny 4 ýeňiş bilen “Betbagt biçäreler” fantastik dramasy eýeledi.


02.05.2026 18:25
3.6k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...