Samsung Galaxy A35 we A55 smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi

  • 13.03.2024 06:28
  • 11k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A55 5G we Galaxy A35 5G smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. 2023-nji ýylyň meşhur modelleriniň yzyny dowam etdiriji bu smartfonlaryň köp umumylygy bar. Bu barada 3dnews.ru belleýär.

Şeýlelikde, Galaxy A55 5G we Galaxy A35 5G birmeňzeş displeýe – 2340 x 1080 piksel durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,6 dýuýmlyk Super AMOLED paneline eýe boldy. Gurluşlaryň displeýini Gorilla Glass Victus aýnasy goraýar. Smartfonlaryň ikisiniň-de dizaýny hem birmeňzeş. Ýöne gurluşlaryň korpus materialy tapawutlanýar: Galaxy A55-iň çarçuwasy metaldan, Galaxy A35-iňki bolsa plastikden taýýarlanandyr. Iki smartfon hem tozandan we suwdan IP67 goragyna eýe boldy. Şeýle-de, smartfonlaryň ikisi-de 25 Wt zarýad beriş kuwwaty bilen 5000 mAs batareýasy bilen üpjün edildi.
Galaxy A55 smartfony Exynos 1480 prosessoryna esaslanýar. Smartfon 8 GB operatiw ýady, şeýle-de microSDXC ýat kartynyň kömegi bilen giňeldilip bilinýän 128 GB hemişelik ýady hödürleýär. Galaxy A35 bolsa öň Galaxy A54 modeliniň alan Exynos 1380 prosessoryna esaslanýar. Model 6 ýa-da 8 GB operatiw ýady, şeýle-de 128 ýa-da 256 GB hemişelik ýady hödürleýär. Soňkusy microSDXC ýat kartynyň kömegi bilen giňeldilip bilner.
Galaxy A55 32 Mp frontal kamera bilen üpjün edildi. Esasy kamera blogy 50 Mp sensordan, 12 Mp giň burçly kameradan we 5 Mp makro-kameradan ybarat. Galaxy A35 modeli 13 Mp frontal kamera bilen üpjün edildi. Esasy kamera blogy 50 Mp sensordan, giň formatly surata düşüriş üçin 8 Mp sensordan we 5 Mp makro-kameradan ybarat.
Galaxy A35 we Galaxy A55 modellerinde Galaxy A smartfon hatary üçin ilkinji gezek Samsung Knox Vault tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa PIN kodlary, parollar ýaly has möhüm şahsy maglumatlary goramaga gönükdirilendir.
Samsung bu modeller üçin dört ýyl operasion sistema täzelenmesini hem-de bäş ýyl howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär. Gurluşlaryň ikisi-de Android 14 we One UI 6.1 bilen hödürlenýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...