“Kung-fu panda 4” ABŞ-nyň prokatynda ilkinji uikendini şowly başlady

  • 12.03.2024 14:49
  • 4.9k+

“Kung-fu pandanyň” dördünji bölümi amerikan prokatynda şowly başlap, birinji orundan “Dýuna 2-ni” gysyp çykardy. Film ABŞ-da 58 mln dollar gazandy, beýleki ýurtlary hasaba alanyňda girdeji ýygymy 80 mln dollar boldy diýip, dtf.ru belleýär.

ABŞ-da multfilm birinji filmiň döwründen bäri seriýa üçin iň gowy başlangyjy görkezdi – onuň birinjisi 2008-nji ýylda 60 mln dollar ýygnapdy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji bölüme öňkülerden has az çykdajy edildi: marketingi hasaba almazdan onuň önümçiligine 150-niň deregine 85 mln dollar sarp edildi.
Analitikler şeýle başlangyjy “Kung-fu panda 4” üçin şowly hasap edýärler. Ýöne film girdeji getirip başlamak üçin 200 mln dollardan köp gazanmaly bolar.
ABŞ-da “Dýuna 2-niň” girdeji ýygymy ikinji uikendde 44% azaldy – bu blokbaster üçin gowy görkeziji. Ýygym 46 mln dollar boldy, ABŞ-da umumy girdeji ýygymy bolsa 157 mln dollar boldy. Filmiň dowamyna 2021-nji ýylda birbada HBO Max onlaýn kinoteatrynda hem çykarylan birinji bölümden köp ýygnamak üçin on gün gerek boldy.  
Deni Wilnýowyň filminiň dünýädäki girdeji ýygymy 367 mln dollara ýetdi.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....