Samsung Galaxy M15 5G smartfonyny hödürledi: kuwwatly batareýa we Android 18-e  çenli täzelenmeler

  • 11.03.2024 23:52
  • 9.1k+

Samsung, hiç hili bildiriş bermezden, dürli bazarlarda elýeterli boljak täze Galaxy M15 5G smartfonyny çykardy. Täze önüm 5G goldawyny, kuwwatly batareýany we uzak goldaw döwrüni aldy diýip, Gizmochina habar berýär.

Galaxy M15 5G 90Hz täzelenme tizlikli 6,5 dýuýmlyk Super AMOLED displeý we 13 megapikselli kamera üçin suw damjasy gönüşindäki deşikjaý bilen enjamlaşdyryldy. Arka tarapynda üç kamera bar: 50 MP esasy + 50 MP giň burçly + 2 MP makro.
Samsung prosessoryň modelini mälim etmeýär, ýöne onuň 2,2 GGs ýygylykly (çak bilen MediaTek Dimensity 6100+) sekiz ýadroly çipdigi mälimdir. Micro GB karty bilen giňeldilip bilinýän 4 GB RAM we 128 GB içerki ýat bilen onuň üsti ýetirilýär.
Kuwwaty 6000 mAh bolan batareýa uzak wagtlap özbaşdak işlemäge mümkinçilik berýär we 25 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Şeýle hem, smartfonda gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik deşikjaý we gapdal tarapynda oturdylan barmak yzy skaneri bar.
Samsung 4 ýyl Android täzelenmesini we 5 ýyl howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär. Galaxy M15 5G Android 14-de işleýär we mawy, gök we çal reňklerde bolar. Täze önümiň bölek satuw bahasy entek yglan edilmedi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...